Nädip bildiriş bermeli

Tarixo.com - reklama portalynda indi islendik adam, internet arkaly, öýünden çykman reklama ýa-da bildiriş bermäne mümkinçiligi bar. Muny amala aşyrmak üçin iki sany usul bar:


USUL 1:

Başda size biziň reklama portalymyzda registrasiýa etmek gerek bolar. Bu sizden az wagtyňyzy alar. Eger-de size registrasiýa etmek kynçylyk döreden bolsa, aşaky ýazylan görkezme bilen peýdalanyň.

Ädim №1. "Registrasiýa" diýilip ýazylan düwmäni tapyp, üstüne basyň.

Ädim №2. Açylan sahypada gyzyl ýyldyzjyk bilen bellenen ähli setirleri dolduryň:

Öz doly adyňyzy ýazyň.
Eger-de sizde elektron poçtaňyz bar bolsa, ony belläp goýyň. Siz paroly unudan ýagdaýyňyzda, poçtaňyza täze parolyňyz ugradylar. Şeýdip siz öz maglumatyňyzy täzeläp bilersiňiz. Hem-de siziň elektron poçtaňyza biziň ýaryşlarymyz we utuşlarymyz barada täzelikler geler.
Öz telefon belgiňizi ýazyň, bu siziň hususy otagyňyza girmek üçin Login - yňyz bolar. Telefon belginiň arasy açyk bolmaly däl we halkara formatda ýazylmaly. Meselem: 99366123456
Parol size hususy otagyňyza girmek üçin gerek bolar. Ol ýerde siz öz bildirişiňizi/reklamaňyzy üýtgedip ýa-da pozup bilersiňiz.
Hemme zady dogrulygyny barlanyňyzdan soň, "Registrasiýa etmek" düwmä basyň.

Ädim №3. Gutlaýarys! Siz registrasiýa eden ulanyjymyz, indi siz reklama/bildiriş ýerleşdirip bilersiňiz. Onuň üçin "Bildiriş bermek" düwmä basyň.

Ädim №4. Açylan sahypada gyzyl ýyldyzjyk bilen bellenen ähli setirleri doldurmaly:

Bildirişiň sözbaşyny ýazyň. Meselem: Satlyk Iphone6
Siziň bildirişiň degişli rubrikasyny saýlap alyň, meselem: Elektronika
Degişli podrubrikany saýlap alyň we gerekli harydyň alamatlaryny görkeziň. Bu biziň ulanyjylarymyzyň gözleg wagty peselmegine uly ýardam berer. Meselem: Öýjükli telefonlar/Apple/täze
Harydyň/hyzmadyň bahasyny ýazyň we pul birligini saýlap alyň. Meselem: 1800/TMT
Öz harydyňyzy/hyzmadyňyzy beýan ediň. Beýän etme siziň sözbaşy bilen hödürleýän harydyňyz/hyzmadyňyz bilen gabat gelmelidir.
Suratlary goşuň, olar siziň bildirişiňize köp adam çeker we çalt satmana kömek eder.
Öz ýerleşýän ýeriňizi saýlap alyň. Bu biziň ulanyjylarymyza siziň reklamaňyzy tiz tapmana ýardam berer.
Öz adyňyzy we telefon belgiňizi/Line ID belläň. Bu siz bilen habarlaşmak üçin gerek bolar.
Biziň saýtymyzyň ulanyjylyk ylalaşygy bilen tanyşyň we razy bolan ýagdaýynda bellik goýup "Neşir etmek" düwmä basyň.
Siziň bildirişiňiz administratora barlanylmaga ugradyldy. Siziň bildirişiňiz admistrator tarapyndan makullanmagy amala aşyrylandan soň, reklama portalymyzda ýerleşdiriler.

Ädim №5. Gutlaýarys! Siziň reklamaňyz Tarixo.com reklama portalynda ýerleşdirildi. Indi öz hususy otagyňyza girip bildirişiňizi üýtgedip ýa-da pozup bilersiňiz. Ony etmek üçin hususy otaga girip "Meniň bildirişlerim" düwmä basyň. Bu ýerde siziň ähli bildirişiňiz görkeziler. Şol ýerde siz reklamaňyzy üýtgedip ýa-da pozup bilersiňiz.


USUL 2:


Siz reklama portalynda registrasiýa etmän hem bildiriş ýerleşdirip bilersiňiz. Ony amala aşyrmak üçin "Bildiriş bermek" düwmä basyň we ýokarky görkezilmede aýdylyşy ýaly dolduryp "Neşir etmek" düwmä basyň. Bu ýagdaýda siz awtomatik usulda saýda registrasiýa edilersiňiz. Size berilen Login bilen Paroly bir ýerde bellik edip goýmana ýatdan çykarmaň. Bu geljekde size hususy otagaňyza girmek üçin gerek bolar.

 

Hormatlamak bilen, Tarixo.com-yň Administrasiýasy.

+993
Paroly unutduňmy?
Siz agza bolmadyňyzmy?Registrasiýa etmek