Jaýlar

Türkmenistanda arenda we satlyk jaý

Biziň ýurdumyzda çalt we amatly emläk tapynmak uly kynçylyk döredýär we kän wagty özine çekýär. Gowy gözlän ýagdaýynda gowy hem amatly teklip tapynsada hem boljak, ýöne bu gözleg kyn amala aşyrylýar. Bu ähli kynçylyklar bolsa, bir ýerde çöpläp biljek arenda we satlyk jaýlar ýa-da kwartiralar teklipleriň meýdançasynyň ýoklygyndan gelip çykýar. Şol sebäpli teklipleriň ählisini bir ýerde çöpläp boljak we ahli adamlara ýeňillik döretmek maksady bilen, biziň reklama portalymyzda "Jaýlar" atly bir bölüm döredildi. Bu ýerde reklamalar(başgaça - bildiriş) jaýlaryň eýeleri we emläk agentligi tarapyndan ýerleşdirilýär.

Indi ähli internet-sahypanyň ulanyjylary bu bölümde öz reklamasyny mugt ýerleşdirip biler. Arenda we satlyk jaý ýa-da kwartiralaryň bahasyny bildiriş ýerleşdiren adamlaryň özi kesgitleýär. Olar bilen habarlaşmak üçin bildirişde ýerleşen telefon belgi arkaly jaň edip, islän soragyňy berip bolar. Ondan daşary Line Id eýesi tarapyndan gorkezilen ýagdaýynda, hat görnüşde hem habarlaşyp bolar. Habarlaşan ýagdaýyňyzda eýesine bildirişi Tariksoda tapanyňyzy aýtmany unutmaň.

Biziň online reklama portalymyz islän wagt çalt we size amatly teklipleri gözläp tapmana kömek eder. Öz ýerleşýän ýeriňizi saýlap gözlegi dowam etdiriň. Şol ýagdaýda biziň internet-sahypamyz şol ýerde ýerleşen teklipleri biziň ähli bildirişleriň arasyndan süzläp berer. Ondan daşary ýurdumyzyň başga şäherlerindäki jaýlar bilen bahalary deňemek hem mümkinçilik bar.

Eger-de size biziň reklama portalymyzy rus dilinde ulanmak ýeňil düşýän bolsa, onda dilini çalyşmak hem mümkinçiligi bardyr. Onuň üçin ýokarda ýerleşen bellikleriň arasyndan "ru" diýip ýazylgysyna basmaly.

Ýurdumyzyň ähli arenda we satlyk jaý, emläkleriň ähli tekliplerini bu bölümde çöpläp, siziň gözlegiňizi ýeňilleşdirmek we siziň gözleg wagtyňyzyň peýdaly geçmegi maksady bilen döredilendigini ýadyňyza düşüresimiz gelýär. Biz mundan daşary internet-sahypamyzyň ulanylyşy has hem ýeňilleşer ýaly ençeme işler amala aşyrjakdygyzyma söz berýäris.

+993
Paroly unutduňmy?
Siz agza bolmadyňyzmy?Registrasiýa etmek