VIP bildirişler

Ýeňil awtoulag

Satlyk masynlar | Türkmen awto bazar

Sizi ýeňil awtoulag satlyk masynlar sahypamyzda hoş gördik. Siz bu ýerde Türkmenistanda satylýan ýeňil transport serişdeleriň uly bazaryny görüp bilersiňiz. Biziň ýurdumyzda masyn özine satyn almak isleg berýän adam gün-günden artýar. Şol sebäpli ähli teklipleri bir sahypada çöpläp, ýurdumyzyň raýatlaryna kynçylyksyz özin gerek ulagy internet arkaly tapmana mümkinçilik berýäris. Eger-de siz öz ýeňil ulagyňyzy satmak ýa-da satyn almak isleseňiz, bu sahypada amala aşyryp bilersiňiz. Türkmenistanda iň uly bolan online bazarynda, indi internedy bar bolan ähli ulanyjylar kynçylyksyz ulanyp bilerler.

Öziňe amatly awtomobil tapmak biziň ýurdumyzda ýeňil meseleleriň biri däl. Teklip kän bolansoň bahalaram hem dürli-dürli bolup bilýär. Ondan daşary yssy howamyzda türkmen awto bazara çykyp biljek satyjylar hem azaldy. Şol sebäpli indi ýeňillik bilen, öz masynyňy öýden çykarman satmak has hem ýeňilleşdirer ýaly, siz üçin Tarixo.com - reklama portalynda hususy adamlaryň ulag satmak reklamalary çöplener ýaly meýdança döredildi.

Eger-de siz ýeňil awtoulagy satlyk ýeňil masyn bölüminde öziňize gözleýän bolsaňyz, biziň gozlegi ýeňilleşdirýän usullarymyz sizi has hem begendirer. Indi islän adam öz ýerleşýän ýerini belläp, özini gyzyklandyrýan ulagyň markasyny, reňkini, ýylyny, kuzowyny saýlap alan ýagdaýynda, reklama portalymyz sizi gyzyklandyryp biljegini ähli bar bolan ulaglaryň arasynda birnäçe sekundyň içinde seljerip berer. Bu bolsa gözlegiňizi ýeňilleşdirmäne we çaltlaşdyrmana uly kömek bolup durýar. Ondan daşary siz pul birligini çalşyp hem bilersiňiz, bu ýagdaýda daşary ýurt pul birlige bank kursy boýunça üýtgeler. Siz reklamalaryň gidiş tertibini öziňize laýyk bolşy ýaly hem üýtgetmäne mümkinçilik bar.

Eger-de siz öz awtoulagyňyzy has çalt satasyňyz gelse, onda biziň pully hyzmatlarymyz bilen peýdalanyň. Siz öz masynyňyzyň reklamasyna "VIP" ýa-da "Gyssagly" dereje berip bilersiňiz, bu bolsa siziň reklamaňyzyň görülşi iki esse köpelder. Bu barada giňişleýin "Pully hyzmatlar" sahypamyzda okap bilersiňiz.

Diňe bizde siz iň uly teklipli satlyk masynlar tapyp bilersiňiz. Siziň wagtyňyzy tygşytly ullanylar ýaly we gözleg wagtyny ýene has hem ýeşilleşdiriler ýaly, biz täze ýeňilleşdiriji usullary tapyp amala aşyrjakdygymyzy aýtmak bilen sizi begendiresimiz gelýär. Eger-de türkmen awto bazar bölüminde ulanmasynda düşnüksiz ýagdaýlar gabat gelen ýagdaýynda, öziňize amatly bolan usullar arkaly administratorlarymyz bilen habarlaşyp bilersiňiz.

+993
Paroly unutduňmy?
Siz agza bolmadyňyzmy?Registrasiýa etmek